Serdar Berdimuhamedow Zelenskini diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

11.10.2022, 18:0421,302

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Ukrainanyň  Prezidenti Wladimir Zelenskä hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň  ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga esaslanýar” diýip, döwlet Baştutany Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini, özara hyzmatdaşlygyň geljekde-de bilelikdäki tagallalar netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.