Twitter hatlara uzyn tekstleri berkitmäge rugsat berer

09.11.2022, 11:493,996

Twitter sosial torunyň ulanyjylary öz habarlaryna uzyn tekstleri berkidip bilerler, bu mümkinçiligi adybir kompaniýanyň täze ýolbaşçysy Ilon Mask mälim etdi.

«Basym Twitter twitlere uzyn tekstleri berkitmäge mümkinçiligi goşar, şonuň bilenem ýandepderçeden edilen skrinşotlary ulanmak ýaly bimany amalyň soňuna çykar».

Häzirki wagtda Twitterdäki habarda 280-den köp belgi ulanylmaly däl. Çykalga hökmünde ulanyjylar öz habarlaryna  uly göwrümli tekstli suratlary berkidýärdiler.
Şeýle-de, Mask basym kontentiň dürli görnüşini döredijiler üçin  monetizasiýanyň boljakdygyny sözüniň üstüne goşdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.