Saud Arabystany iki kilometr beýiklikdäki bina gurmagy meýilleşdirýär

13.12.2022, 12:2628,399

Saud Arabystanynyň garaşsyz gaznasy (PIF) patyşalykda dünýäniň iň beýik binasyna - Dubaýdaky 828 metrlik Burj Khalifa iki esse geljek täze başy gökdirän binany gurmagy göz öňünde tutýar. Bu barada Middle East business intelligence žurnaly habar berýär. 

Onuň maglumatlaryna görä, PIF Er-Riýadyň demirgazygynda meýdany 18 inedördül metr we beýikligi 2 km boljak binanyň gurluşygy boýunça meýilnama seredýär. Potratçylar taslamany takmynan 5 mlrd dollar diýip bahalandyrýarlar. Neşiriň çeşmeleriniň berýän maglumatlartyna görä, agzalan tapgyrda, gatnaşmak üçin 1 mln dollar möçberinde gatanç goýmak bilen, bäsleşik geçirilýär. Bäsleşige gatnaşýan potratçylaryň hatarynda - Skidmore, Owing & Merrill, Adrian Smith & Gordon Gill Architecture, Kohn Pedersen Fox we Gensler amerikan kompaniýalary; fransuzlaryň Egis kompaniýasynyň düzümine girýän 10Design; we Dubaýyň Killa Design-i bar. 
2022-nji ýylyň noýabrynda patyşalygyň demirgazyk-günbatarynda uzynlygy 120 km we beýikligi 490 metr bolan 5 mln adamlyk Mirror Line megapolisiniň gurluşygyna girişildi. Ol aralary pyýadalar geçelgesi bilen birikdirilen iki sany gökdirän binadan ybarat. 1 trln dollarlyk bu taslamany gurmak baradaky başlangyç Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammed ben Salman Al Sauda degişlidir. 
Häzirki wagtda Mekkedäki Abraj al-Beýt beýik binalar toplumyna girýän Patyşanyň sagat diňi (601 m) ýurtda iň beýik bina hasaplanýar. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.