Bill Geýts sygyrlaryň howa zyňýan metanyny azaltmak başlangyjyna 12 mln dollar goýdy

24.01.2023, 10:0022,316

Microsoft-y esaslandyryjy Bill Geýts sygyrlaryň howa zyňýan metanyny azaltmak kararyna gelen Awstraliýanyň başlangyjy bolan Rumin8-e maýa goýdy. Bu barada Bloomberg agentligi duşenbe güni habar berdi diýip, TASS ýazýar. 

Bil Geýtsiň Breakthrough Energy Ventures töwekgel maýa goýum gaznasy bu taslamany  12 million dollarlyk maliýeleşdirmegiň ikinji tapgyryna gatnaşdy. Awstraliýalynyň kompaniýasy gyzyl suwotularyň düzümindäki sintetiki bromoformdan mallar üçin iýmit goşundylaryny taýýarlaýar.
Geýtsden başga-da, Amazonyň esaslandyryjysy Jeff Bezos we Nýu-Ýorkuň öňki häkimi Maýkl Blumberg ýaly uly telekeçiler Breakthrough Energy-ä maýa goýýarlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.