Hyundai Elantra 2025-iň ilkinji suratlary peýda boldy

11.02.2023, 15:0151,684
1 / 3

Hyundai Elantra-nyň ýedinji nesli bilen 2020-nji ýylda tanyşdyrylypdy. Şol bir wagtda kompaniýa Hyundai Elantra-nyň täze nesliniň üstünde hem işleýär we gaty gizlenen prototipiň ogryn düşürilen suratlary eýýäm Internetde peýda boldy. Awtoulag ABŞ-da synagdan geçirilýär.

Prototip korpusynyň aglaba ýeriniň ýapyp-örtülendigine garamazdan, ondaky käbir üýtgeşmeleri görüp bileris. Hyundai Elantra-nyň öň tarapy düýpli täzeden dizaýn edilene meňzeýär, faralar has inçeldilen we radiatorynyň gözenegi kiçeldilen hem-de ol bamperiň aşaky howa kabul edijisinden bölünip aýrylyp, gara bezeg arkaly gapdal howa girelgelerine wizual birikdirilendir.


ABŞ-da adaty model häzirki wagtda 147 at güýji 2 litrlik benzinli hereketlendiriji we has täsirli gibrid 1,6 litrlik hereketlendirijisi 139 at güýji bilen elýeterlidir. Şeýle hem 201 at güýji öndürýän 1,6 litrlik 4 silindrli hereketlendirijili sport N Line we 286 at güýjüne çenli öndürýän 2 litrlik turbo hereketlendirijisi bolan flagman modeli Elantra N bar.
Täzelenen Hyundai Elantra 2023-nji ýylyň ahyrynda ýa-da 2024-nji ýylyň başynda çykar diýlip garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.