Russiýa täze taryhynda Aýa ilkinji uçuşyny 13-nji iýulda goýbermegi meýilleşdirilýär

23.02.2023, 17:4410,785

«Roskosmos» döwlet korporasiýasy şu ýylyň iýul aýynyň ortalarynda "Luna-25" awtomatik stansiýasyny Aýa uçurmagy meýilleşdirilýär. Bu barada TASS Roskosmosyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.

Döwlet korporasiýasynda: "2023-nji ýylda astronomiki "penjiräni" göz öňünde tutup, “Luna-25” älem gämisini 2023-nji ýylyň 13-nji iýulynda uçurmak meýilleşdirilýär" – diýip bellediler.

2022-nji ýylyň sentýabr aýynda “Roskosmosyň” baş direktory Ýuriý Borisow “Luna-25” missiýasynyň indiki ýyla yza süýşürilendigini TASS-a habar beripdi. Döwlet korporasiýasynyň metbugat gullugy hem öz gezeginde missiýany goýbermäge taýýarlanyş tertibine täsir edýän esasy meseläniň doppler tizlik we aralyk ölçeýjileriniň häsiýetnamalarynyň tehniki wezipeleriň talaplaryna laýyk gelmeýändiginden ybaratdygyny düşündirdi.