2023-nji ýylyň mart aýynda boljak magnit hadysalarynyň senenamasy

01.03.2023, 12:4840,891

Mart aýynda magnit hadysalary dürli görnüşli geomagnit hüjümleri bilen tapawutlanar. Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, mart aýynda geomagnit ýagdaýy, esasan,  birnäçe joşgunlary hasaba almasaň, kadaly bolar. 

Ýer ýüzünde ilkinji duýuljak magnit tupanynyň 2-nji martda bolmagyna garaşylýar - onuň güýji ortaça bolar we howa duýgur adamlar üçin kynçylyk döreder.
Baharyň başlangyjy magnit tupanlaryndan doly bolar. Şeýle-de bolsa, hüjümler dürlüligi bilen tapawutlanýar. Mysal üçin, 1-nji mart gijesinde geomagnit tupany bary-ýogy 2 bal bolar. Emma bu magnit tupanynyň hüjümi şol gün sagat  21.00 -da artyp başlar we 2-nji martda 21.00-a çenli 3 bala deň bolar.
Soňra Ýer ýüzüniň adamlaryny 2 bala  deň bolan magnit tupany garaşýar. Hüjümiň dowamlylygy 2 gün. 4-nji martda 21.00-dan başlap  üýtgemeginiň iň ýokary derejesi 4 bal bolar. Bu ýagdaý  5, 6, 7-nji martda hem dowam eder. 7-nji martda 21.00-dan başlap üýtgemeler azalar we 3 bal bolar. Bu gezek - bir günlük.

Pes we orta güýçli magnit tupanlary diňe howa bagly adamlara täsir edip biler. Bu tebigy hadysa duýgur bolmadyk adamlar, köplenç, magnit tupanlarynyň wagtyny hem bilmeýärler we olaryň täsirini duýmaýarlar. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.