Aprel-iýun aýlarynda Türkmenistanyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary geçiriler

17.03.2023, 23:2824,054

2023-nji ýylyň

  • 19-njy aprelinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Informatika dersi boýunça Halkara internet olimpiadasyny;
  • 19-njy maýda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy dersi boýunça Halkara  açyk internet olimpiadasyny;
  • 1-5-nji iýun aralygynda  S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli “Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny” atly ylmy-taslama bäsleşigini;
  • 6-njy iýunda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet mugallymçylyk institutynda Ylymlar güni mynasybetli “Ylym we bilim XXI  asyrda” atly   Halkara ylmy maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Bu barada 17-nji martda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda habar berildi.
Geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, ýaş alymlary bilen bir hatarda, Russiýa Federasiýasynyň ABŞ-nyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Italiýa Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Hindistanyň, Belarus Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Gazagystan Respublikasynyň hem-de beýleki onlarça döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy merkezleriniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.