Nike we Puma futbol butsylarynyň önümçiligi üçin kenguru derisinden ýüz öwürdi

19.03.2023, 11:2910,481

Nike we Puma sport brendleri futbol butsylarynyň önümçiligi üçin kengurunyň derisini ulanmakdan ýüz owürdiler. Bu barada Hypebeast habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär.

Puma kompaniýasy şu ýyl kenguruwyň derisinden futbol butsylarynyň önümçiligini bes etmekçidigini habar bereninden iki hepde soň Nike hem Tiempo futbol butsylarynyň hatary üçin "K-derisini" ulanmakdan ýüz öwürýändigini aýtdy. Footwear News-a berlen beýana görä, Nike kompaniýasy 2021-nji ýylda ýeke-täk kenguru derisini üpjün edijini aradan aýyrdy we bu haýwanlaryň derisinden önüm öndürmegi bes edip, ony patentlenen sintetiki material bilen çalyşdy.
2023-nji ýylyň başynda Oregon ştatynda tiz wagtdan kenguruwyň islendik böleginiň ýa-da olaryň esasyndaky önümleriň satuwyny gadagan etjek kanun taslamasy kabul edildi. Nike-yň Biwertondaky ştab-kwartirasynyň bu ştatda ýerleşýändigi üçin  täze karar şeýle çözgüde gelmekde möhüm rol oýnap bilerdi.
Kengurunyň derisi Nike Tiempo 9 Elite, adidas Predator Pulse we Puma KING ýaly öňdebaryjy modellerde ulanylýan futbol butsylary üçin giňden ýaýran materialdyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.