Şu gün tutuş dünýäde «Ýere bagyşlanan sagat 2023» aksiýasy geçiriler

25.03.2023, 11:3638,089

«Ýere bagyşlanan sagat» aksiýasy her ýyl mart aýynyň soňky şenbesinde geçirilýär. 2023-nji ýylda ol şu gün, 25-nji martda geçiriler. Bu gün bir sagatlap - ýerli wagt bilen 20:30-dan 21:30-a çenli Ýer ýüzündäki adamlar çyralary we elektrik enjamlaryny öçürerler.

Ýere bagyşlanan sagadyň maksady elektrik toguny tygşytlamak däl. Dünýä derejesinde energiýany duýular derejede tygşytlamak üçin 60 minut asla ýeterlik däl. Emma bu çäre tebigaty goramakda adamlaryň agzybirliginiň nyşany bolup öňe çykýar.
Bu çäre ilkinji gezek 2007-nji ýylda Sidneýde (Awstraliýa) geçirildi.
WWF (Ýabany tebigatyň bütindünýä gaznasy) ýaşaýjylary, dürli guramalary, mekdepleri, häkimiýetleri howanyň üýtgemegine, ýagtylyk bilen hapalanma we  daşky gurşawyň beýleki meselelerine bolan gyzyklanmany höweslendirmek üçin çyralary we hojalyk enjamlaryny bir sagatlyk öçürmäge çagyrýar.
Guramaçylaryň bellemegine görä, bu çärä her ýyl dünýäde 188 ýurtdan  iki milliarddan gowrak adam gatnaşýar. Dünýäniň 18 müňden gowrak binagärlik ýadygärligi garaňkylyga çümýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.