Ilon Maskyň akkaunty Twitterde iň köp okalýan akkaunt boldy

31.03.2023, 23:4613,816

Ginnesiň rekordlar kitabynda  habar berlişine görä,  «Ilon Mask 44 mlrd dollara platformany satyn alanyndan bäş aý soňra  Twitterde okyjylarynyň sany boýunça  ilkinjileriň biri boldy”.

Bellenilişine görä, özüniň 133 million okyjylary bilen 51 ýaşly tehnologiýa ägirdi 2020-nji ýyldan bäri rekord derejesini saklan ABŞ-nyň öňki Prezidenti Barak Obamadan hem öňe geçdi.
Ginnesiň rekordlar kitabynyň maglumatlaryna görä, platformadan her aýda 450 milliona golaý adam peýdalanýar, onuň 30 göterimi Maska ýazylan.  2022-nji ýylyň oktýabrynda telekeçiniň Twitteri satyn almak baradaky geleşiginden soňra akkaunta 23 million adam ýazyldy. Günde milliardera 100 müňe golaý adam ýazylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.