Türkiýäniň prezidentligine 4 adam dalaş eder

01.04.2023, 11:5341,591

14-nji maýda geçiriljek saýlawlara gatnaşmak üçin prezidentlige dalaş edýänleriň Türkiýäniň Ýokary saýlaw komissiýasy tarapyndan tassyklanan gutarnykly sanawy “Resmi Gazete” resmi hökümet gazetinde çap edildi. Bu barada TASS habar berýär.

Şeýlelikde, prezidentlige dört dalaşgär gatnaşar. Bu häzirki prezident Rejep Taýyp Ärdogan, esasy oppozision Halk-respublikan partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdaroglu, Watan partiýasynyň ýolbaşçysy Muharrem Inje we “Atatürkileriň birleşiginden” dalaşgär Sinan Ogandyr.
Sanawyň neşir edilmegi bilen ýurtda prezidentlige dalaş edýänler üçin agitasiýa döwri resmi taýdan başlandy.
Ýatlap geçsek, Türkiýede prezident saýlawlary 14-nji maýda parlament saýlawlary bilen bilelikde geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.