Gök guşjagaz ýene-de Twitter-iň logotipine dolandy

09.04.2023, 11:218,813

Twitter sosial ulgamy öň Dogecoin kriptowalýutasynyň nyşany bolan it bilen çalşylan gök guşly asyl logotipi ýene-de dikeltdi. Logotip saýtyň sahypalaryny göreniňde görkezilýär diýip, TASS habar berýär.

Sosial ulgamyň blogunda, Twitteriň goldaw sahypasynda hem-de sosial ulgamyň eýesi Maskyň sahypasynda bu sorag boýunça häzirki wagtda teswir ýok.
Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, haçan-da Dogecoin-iň nyşany 3-nji aprelde Twitteriň logotipine öwrülende, onuň bahasy Binance kriptowalýuta biržasynda 30% ýokarlandy. Onuň maglumatlaryna görä, sosial ulgamyň asyl logotipi yzyna gaýtarylanda kriptowalýutanyň bahasy 9% pese gaçdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.