SpaceX-yň Aý raketasynyň uçurylyşy tehniki sebäplere görä yza süýşürildi

19.04.2023, 15:5510,414

SpaceX kompaniýasy, tehniki sebäplere görä  duşenbe güni ýatyrylan, Starship kosmiki gämisiniň prototipiniň  orbita  ilkinji  uçurylyşyny penşenbe güni amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň saýtynda habar berildi.

SpaceX -iň habar bermegine görä, Tehasyň Boka-Çikadaky uçuş meýdançasyndan amala aşyryljak goýberiliş penjiresi ýerli wagt bilen 08: 28-de (aşgabat wagty bilen 18:28) açylar we 09:30-da (aşgabat wagty bilen 19:30) ýapylar.
Starship oturdylan 120 metrlik Super Heavy raketa-göterijiniň ilkinji goýberilişi duşenbe güni 08:20-ä (18:20) meýilleşdirilipdi, emma ol ýatyryldy. Kompaniýanyň wekiliniň ýaýlymda aýdyşy ýaly, ýatyrylmagynyň sebäbi ýangyç ulgamynyň gysyp ýygnaýjy klapanlarynyň biriniň näsazlygy bilen baglydyr.
Köpgezeklik ulanylýan Starship kosmos gämisi  Marsa uçuşlar üçin maksat edinilip, 100 adama niýetlenendir. Gäminiň prototipleri Ýere gaýdyp gelmek bilen birnäçe gezek synag uçuşlaryny amala aşyrdylar, emma häzirlikçe olar Ýeriň atmosferasynyň çäginde geçdi. Starship uçuş synaglarynyň diňe 2021-nji ýylyň maý aýynda bolup geçen iň soňkusyny enjamy ýok etmezden geçdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.