4:0. «Mançester Siti» «Realy» ýeňip, Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy

18.05.2023, 02:5917,299

Mançesterde «Etihad» stadionynda Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň jogap duşuşygy tamamlandy. Onuň barşynda «Mançester Siti» öz meýdançasynda Madridiň «Realyny» kabul etdi. Ýer eýeleri 4:0 ýeňip, ýaryşyň finalyna çykdylar.

23-nji minutda Bernardu Silwa hasaby açdy, 14 minutdan soň bolsa dubl etdi. 73-nji minutda «Realyň» oýunçysy Eder Militaonyň öz derwezesine geçiren golundan soň, hasap 3:0-a bardy. Jemleýji goly Hulian Alwares geçirdi.
Birinji oýunda «Real» — «ManSiti» 1:1 hasabynda deňme deň oýnapdylar.
Final duşuşygynda «Mançester Siti» «Inter» bilen duşuşar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.