Türkmenistan Gyrgyzystanda okaýan talyplarynyň sany boýunça ilkinji onluga girdi

12.06.2023, 20:2017,110

2022-2023-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň 64 raýaty Gyrgyz Respublikasynyň uniwersitetlerinde dürli hünär ugurlary boýunça bilim alýarlar. Bu görkeziji boýunça Türkmenistan ilkinji onluga girýär diýip, Gyrgyzystanyň Milli statistika komitetiniň maglumatlaryna salgylanýan 24.kg habar berýär.

Jemi 71,7 müň daşary ýurtly talyp Gyrgyzystanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýar, olaryň ýarysyndan gowragy Özbegistanyň raýatlary (40,2 müň). Jemi GDA ýurtlaryndan 43 000 töweregi adam Gyrgyz uniwersitetlerinde okaýar. Ikinji orunda Hindistan (15,3 müň) durýar.
Şeýle hem ilkinji onluga Gazagystan, Russiýa, Täjigistan, Türkiýe, Hytaý, Owganystan, Pakistan girýär.
Gyrgyz Respublikasy Merkezi Aziýada daşary ýurtlularyň jemlenen iň uly merkezlerinden biridir: daşary ýurtly talyp ýaşlardan başga-da, Respublikada beýleki döwletleriň  22 000 raýaty ýaşaýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.