BMG: Ýewropada howanyň maýyllaşmagynyň depgini dünýädäki ortaça derejeden iki esse ýokary

21.06.2023, 05:3715,093

1980-nji ýyllardan bäri Ýewropada howanyň maýyllaşmagynyň derejesi dünýädäki ortaça derejeden ýokary boldy.

Bu barada BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Bütindünýä Meteorologiýa Guramasy (WMO) habar berdi.
Guramada: "1980-nji ýyllardan bäri Ýewropanyň maýyllaşmak depgini dünýädäki ortaça derejeden iki esse ýokarlandy we sebitiň sosial-ykdysady gurluşyna hem-de ekoulgamlaryna gaty täsir etdi" – diýip belleýärler.
Geçen ýyl Ýewropadaky howanyň temperaturasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Pariž şertnamasynyň çäklerinde esas görkeziji hökmünde ulanylýan, senagatdan öňki ortaça derejeden (1850-1900) Selsiýa boýunça takmynan 2,3 dereje ýokarydygy nygtalýar.
Hasabata görä, Ýewropada gözegçilikleriň taryhynda iň yssy tomus 2022-nji ýylda hasaba alyndy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.