Aşgabatda 46-njy «Gurtly — Halkara nebit we gaz uniwersiteti» belgili awtobusyň gatnaw ugry üýtgär

27.07.2023, 20:1931,438

1-nji awgustyndan 46-njy «Gurtly — Halkara nebit we gaz uniwersiteti» belgili awtobus gatnawynyň ugry üýtgeýär. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentligi resmi saýtynda habar berdi.

Bellenilişi ýaly, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak, awtomobil ulaglarynda ýolagçylaryň ýokary hilli gatnadylmagyny hem-de olara medeniýetli hyzmat edilmegini gazanmak maksady bilen, 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyndan 46-njy «Gurtly — Halkara nebit we gaz uniwersiteti» belgili awtobus gatnawynyň ugry üýtgedilip, bu ugur boýunça awtobuslaryň «Gurtly» belleniş nokadyndan ugrap, Döwletli köçesinden hereket edip, Görogly köçesiniň ugry bilen öňki hereketini dowam eder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.