Täze «Windows-da» ozalky sesli kömekçi bolmaz

06.08.2023, 18:382,794

«Microsoft» kompaniýasy «Windows 11-den» sesli kömekçi «Cortana-ny» öçürdi. Bu barada gazeta.ru «Windows Latest» portalyna salgylanyp habar berýär.

«Cortana» eýýäm «Windows 11 Insider» ulgamynda goldanylmagyny bes etdi. Hatda «Windows 11-iň» adaty nusgalaryny ulanyjylaryň käbirleri «Microsoft Store» goşundysyny täzelänlerinde sesli kömekçiniň işlemegini bes edendigini belleýärler.
«Cortana» açylanda hem onuň könelendigi we indi «Windows 11-de» goldanylmaýandygy hakynda duýduryş peýda bolýar. «Microsoft» onuň ýerine operasion ulgama ornaşdyrylan «Windows Copilot» atly emeli intellektli kömekçiden peýdalanmagy teklip edýär.
«Cortana» entek Android üçin niýetlenen «Outlook», «Teams» we «Teams Room» ykjam goşundylarynda hem-de «Windows 10-da» elýeterli bolar. Şonda-da «Microsoft» ony dolulygyna aradan aýyrmagy meýilleşdirýändigini belläpdi. Emeli intellektiň käbir alamatlary bolan bu sesli kömekçi 2014-nji ýylda «Apple» kompaniýasynyň «Siri» ulgamyna bäsdeş hökmünde döredilipdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.