Dota 2 boýunça dünýä çempionatynyň biletleriniň bahasy futbol boýunça dünýä çempionatynyň finalynyňkydan gymmat boldy

26.08.2023, 16:4516,828
1 / 2

Dota 2 boýunça The International 2023 dünýä çempionatynyň guramaçylary ýaryşyň final günleri üçin bilet satuwyny açdylar. Olary Ticketmaster web sahypasynda satyn almak mümkin.

Bu ýyl biletleriň bahasynyň ep-esli ýokarlandygyny bellemeli: The International-yň esasy oýunlaryna giriş 699 dollardan başlap, komissiýalar hem-de salgytlar goşular.

Amerikaly teswirleýji Riki rkryptic Peterson iki biletiň bahasynyň 1,75 müň dollardan gowrakdygyny görkezýän skrinşot ýerleşdirdi, kanadaly ulanyjylar bolsa girizilen  30% hyzmat töleginden zeýrenýärler.
Beýleki sport çäreleri bilen deňeşdirilende, hatda Katarda geçen Dünýä çempionatynyň final oýnuna satylan biletler hem arzan bolupdy. Şonda "Milli stadiona" girmegiň ortaça bahasy 812 dollar bolupdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.