Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherinde halkara atçylyk akademiýasyny we 2 sany orta hünär okuw mekdebini açdy

01.09.2023, 16:3019,122

Şu gün, 1-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Arkadag şäherinde ýurdumyzda ilkinji «akylly» şäheriň birnäçe bilim edaralarynyň açylyş dabaralary boldy.

Döwlet Baştutany ilki bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilen Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasyny açdy.
Şeýle-de döwlet Baştutany Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň we Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.
Şeýle hem Bilimler we talyp ýaşlar gününde Arkadag şäheriniň ýene birnäçe bilim edaralarynyň açylyş dabaralary geçirildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.