Messi, Holand we Mbappe – “Altyn topa” dalaşgärleriň üçlüginde

06.09.2023, 17:2622,951

“Goal” internet neşiri 2023-nji ýylyň jemi boýunça “Altyn topy” almaga ýakyn dalaşgärleriň täzelenen reýtingini hödürledi. Bu barada championat.com habar berýär. Ýeňiş üçin esasy dalaşgär “PSŽ-niň” öňki hüjümçisi, “Inter Maýaminiň” oýunçysy we häzirki dünýä çempiony Lionel Messi bolup galýar. Ikinji orunda “Mançester Sitiniň” we Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy Erling Holand ýerleşdi. Üçlügi “PSŽ-niň” oýunçysy Kilian Mbappe jemleýär.

Ilkinji onluk şeýle görnüşde:

  1. Lionel Messi (“PSŽ”, tomusda “Inter Maýamä” geçdi);
  2. Erling Holand (“Mançester Siti”);
  3. Kilian Mbappe (“PSŽ”);
  4. Winisius Žunior (“Real”);
  5. Kewin de Brýoýne (“Mançester Siti”);
  6. Rodri (“Mançester Siti”);
  7. Ilkaý Gýundogan (“Mançester Siti”, tomusda “Barselona” geçdi);
  8. Wiktor Osimhen (“Napoli”);
  9. Hulian Alwares (“Mançester Siti”);
  10. Robert Lewandowski (“Barselona”).
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.