BMG 2023-nji ýylyň tomsuny howa gözegçilikleriň taryhynda iň yssysy diýip atlandyrdy

07.09.2023, 15:027,704

BMG-niň Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň habaryna görä, Ýer togalagy 2023-nji ýylyň tomsunda iň yssy üç aýy başdan geçirdi.

"Planetamyz ýap-ýaňyja gaýnama möwsümini – howa gözegçilikleriň bütin taryhynda iň yssy tomsy başdan geçirdi " – diýip, gurama BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň sözlerini getirýär. Ol dünýäde bilelikdäki tagallalary güýçlendirmegi talap edýän klimat krizisiniň başlandygyny ýatlatdy.

Meteorologiýa guramasynyň habaryna görä, 2023-nji ýylyň iýul aýyndan soň awgust iň yssy ikinji aý boldy. Copernicus-yň berýän bahasyna görä, awgust aýynda howanyň temperaturasy, senagat döwründen öňki ortaça howa bilen deňeşdirilende, 1,5 gradusdan gowrak ýokarlandy. Umuman aýdanyňda, howa gözegçilikleriň taryhynda 2023-nji ýyl 2016-njy ýyldan soň iň yssy ýyl boldy.
Şeýle hem awgust aýynda dünýä ummanlarynyň ortaça temperaturasy rekord derejede - 20,98 gradus boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.