Serdar Berdimuhamedow Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdi

12.09.2023, 00:1110,551

11-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Sankt-Peterburgyň (Russiýa Federasiýasy) gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda we beýleki ugurlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär.
Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we Russiýanyň bu senagat, ylym we medeniýet ulgamyna eýe bolan bu iri şäheriniň arasynda ýakyn we dostlukly gatnaşyklaryň ýola goýlandygy bellenildi. Sankt-Peterburgyň kärhanalary, şeýle hem ýurdumyzda iş alyp barýan iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär. Şonuň bilen birlikde, düzümleýin desgalaryň gurluşygy ulgamynda ugurdaş edaralaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň mümkinçiligine garamak maksadalaýyk bolar. Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek hem-de azyk senagaty ulgamynda hem netijeli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar.
Duşuşygyň ahyrynda   hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglow Türkmenistanyň we Newa boýundaky şäheriň däp bolan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydyklaryny tassyklap, bu gatnaşyklaryň türkmen-rus döwletara dialogynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýändigini hem-de onuň many-mazmun taýdan baýlaşdyrylmagyna ýardam edýändigini bellediler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.