Türkmenistanda tamamlanmadyk bilim üçin berilýän kepilnamalaryň nusgalary tassyklanyldy

14.09.2023, 01:3125,210

Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2023-nji ýylyň 11-nji awgustynda çykaran Buýrugy bilen bilimiň anyk derejesini tamamlamadyk, jemleýji döwlet synagyna gatnaşmadyk ýa-da jemleýji döwlet synagynda kanagatlanarsyz netijeleri görkezenlere bilim edarasynda okandygy hakynda berilýän kepilnamalaryň nusgalaryny tassyklady. Resminama hukuk maglumatlarynyň portalynda çap edildi.

Resminama laýyklykda, şu aşakdakylar tassyklanyldy:

  • Umumybilim edarasynda okandygy hakynda kepilnamalaryň nusgalaryny;
  • Hünär-tehniki okuw mekdebinde okandygy hakynda kepilnamanyň nusgasyny;
  • Orta hünär okuw mekdebinde okandygy hakynda kepilnamanyň nusgasyny;
  • Ýokary okuw mekdebinde okandygy hakynda kepilnamanyň nusgasyny.

Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Bilim ministriniň mekdep we mekdebe çenli çagalar edaralary, ýokary we orta hünärmen mekdepleri boýunça orunbasarlary gözegçilik etmeli.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.