FourFourTwo 2000-nji ýyllaryň iň gowy 50 futbolçysynyň sanawyny çap etdi

29.09.2023, 15:2116,973

Abraýly FourFourTwo neşiri 2000-nji ýyllaryň iň gowy 50 futbolçysynyň sanawyny neşir etdi. Braziliýaly Ronaldinýo birinji ýeri eýeledi.

“Hatda oýnuň jygba-jyg pursadynda hem braziliýaly oýunçynyň ernini gulagyna ýetirýän ýylgyryşyny görmek bolýar. Ol özüniň futbol meýdançasyndalygyna begenýär. Şol wagt Ronaldinýo seýilgähdäki çaganyň aladasyz keýpiçaglygy bilen oýnaýar; o ýylgyryşy hemmeler görýär we oňa  ýylgyrmak bilen jogap bermezlik mümkin däl " – diýip Ronaldinýo barada gürrüň edýärler.

Reýtingiň ilkinji onlugyna: 

  1. Ronaldinýo, Braziliýa
  2. Zinedin Zidan, Fransiýa
  3. Kaka, Braziliýa
  4. Týerri Anri, Fransiýa
  5. Kriştianu Ronaldu, Portugaliýa
  6. Xawi, Ispaniýa
  7. Ronaldo, Braziliýa
  8. Andres Inýesta, Ispaniýa
  9. Zlatan Ibragimowiç, Şwesiýa
  10. Lionel Messi, Argentina
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.