Tim Szýu Braýan Mendozadan üstün çykyp, tituly gorady

15.10.2023, 15:187,651

Şu gün, 15-nji oktýabrda Awstraliýanyň Brodbiç şäherindaki Gold Coast Convention arenasynda boks agşamy geçirildi.

Onuň esasy wakasy ýeňilmedik awstraliýaly söweşiji Timofeý Szýu bilen amerikaly Braýan Mendozanyň arasyndaky söweş boldy. Olar WBO-nyň dünýä çempiony tituly we WBC-niň wagtlaýyn dünýä çempiony tituly ugrunda göreşdiler. Szýu üçin bu Jermell Çarlonyň elinden alan titulynyň ilkinji goragy boldy.
Netijede, Szýu emin agzalarynyň biragyzdan karary bilen ýeňiş gazandy. Şeýlelikde, Timofeý ýeňlişsiz tapgyryny 24 söweşe çenli uzaltdy. Mendoza üçin bu ýeňliş karýerasynda üçünji boldy. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.