Islam Mahaçew UFC-de ýeňişleriniň sany boýunça Habib Nurmagomedowdan öňe geçdi

23.10.2023, 06:0841,458

UFC-niň ýeňil agram derejesindäki çempiony (70 kg çenli), rus pälwany Islam Mahaçew UFC-de ýeňişleriniň sany boýunça watandaşy Habib Nurmagomedowdan öňe geçdi.

Mahaçewiň UFC 294-de awstraliýaly Aleks Wolkanowskini ýeňendigini ýatladýarys. Onuň üçin bu ýeňiş promouşeniň çäklerinde 14-nji boldy. Habib Nurmagomedow hem, öz nobatynda,  UFC-däki karýerasynda 13 ýeňiş gazandy.
Umuman alanyňda, garyşyk söweş sungatyndaky karýerasynda Mahaçew 25 ýeňiş gazandy we bir ýeňlişe sezewar boldy. Nurmagomedow bolsa 29 ýeňiş gazanyp, professional karýerasynda ýekeje gezek-de ýeňilmedi.
Ýatlatsak, 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda Nurmagomedow amerikaly Jastin Getžini ýeňip, karýerasyny tamamlaýandygyny yglan etdi. Habib 2018-nji ýylda UFC-niň çempiony boldy. Soň bolsa çempionlyk adyny üç gezek goramagy başardy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.