Microsoft 365 üçin Copilot indi ähli Windows PK ulanyjylar üçin elýeterli boldy

09.02.2024, 15:312,755

Microsoft kompaniýasy Microsoft 365 üçin Copilot emeli aň guralynyň Windows operasion sistemaly stol kompýuterlerini ulanyjylaryň ählisine elýeterlidigini habar berdi. Bu barada mobile-review.com belleýär.

Ulanyjylar mugt esasy Microsoft Copilot wersiýasyndan peýdalanyp bilerler, bu wersiýa iş we bilim pudaklary üçin täjirçilik maglumatlaryny goraýar. Şeýle wersiýa çat taryhyny saklamaýar we Copilot tarapyndan alnan maglumatlary uly dil modellerini türgenleşdirmek üçin ulanmaýar.

Ýene bir görnüşi, ulanyjy resminamalary, elektron hatlar, senenama, diskussiýa, duşuşyklar we kontaktlar ýaly Microsoft Graph maglumatlaryna esaslanýan tölegli Copilot wersiýasydyr. Çat-botuň bu wersiýasynyň bahasy aýda 30 dollar bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.