Lenovo suratkeşler üçin dury ekranly noutbuk çykardy

28.02.2024, 09:454,549

Hytaýyň «Lenovo» kompaniýasy «MWC 2024» sergisinde dury ekranly noutbugynyň konseptini tanyşdyrdy.

Tanyşdyrylan enjam dolulygyna dury bolmaga ukyply displeýe eýedir, şeýlelikde, ulanyjy ekranyň aňyrsyndaky zatlary hem görüp biler. Kompýuter bilen işlenýän wagty durulygyň derejesini sazlap bolýar.
Enjam 720 piksel durulykly 17,3 dýuýmlyk «MicroLED» ekran bilen üpjün edildi. «Lenovo» kompaniýasynyň wekilleriniň bellemeklerine görä, häzirki wagtda has ýokary piksel mümkinçiliki dury paneli döredip bilmeýärler. Kompaniýada şeýle enjamyň ekranyň aňyrsynda ýerleşýän zatlaryň suratyny çekmek üçin suratkeşlere peýdaly boljakdygyny aýtdylar.
Kompýuter ägirt uly trekpada we stilus üçin ýazgy meýdançasyna öwrülip bilýän sensorly klawiatura bilen üpjün edildi. Kompaniýada noutbugyň ýakyn wagtda satuwa çykarylmajakdygyny belläp geçdiler, ýöne şeýle noutbuklaryň ýakyn bäş ýylda köpçülikleýin öndüriljekdigini çakladylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.