Dortmundyň "Borussiýasy" täze öý oýun eşigini görkezdi

18.05.2024, 18:466,960
1 / 2

Dortmundyň “Borussiýasy” 2024/2025 möwsüm üçin täze öý oýun eşigi toplumyny hödürledi. Toplum adaty sary-gara reňklerde.

Germaniýanyň futbol çempionatynyň 33 oýnundan soň Dortmundyň “Borussiýasynyň” hasabynda 60 utuk bar. Edin Terziçiň oýunçylary Bundesligada 5-nji ýerde durýar. Birinji orunda çempionlygy möhletinden öň gazanan lewerkuzenli “Baýer”  (87) barýar.
Dortmundyň “Borussiýasynyň” (Germaniýa) UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň şu möwsüminiň finalynda Madridiň “Realy” (Ispaniýa) bilen oýnajakdygyny ýatladýarys. Ýaryşyň final oýny 2-nji iýuna geçilýän gije Londonyň (Angliýa) “Uembli” stadionynda bolar. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.