“Üýtgeşik bir zat”: Ilon Mask awgustda Grok 2-niň we ýylyň ahyryna çenli Grok 3-üň çykmagyny anons etdi

02.07.2024, 08:2712,176

Ilon Mask tarapyndan esaslandyrylan xAI kompaniýasy şu ýylyň awgust aýynda Grok emeli aňynyň ikinji wersiýasyny çykarar. Bu barada milliarder X sosial ulgamynda habar berdi.

Şeýle-de, Mask ýylyň ahyryna çenli Grok 3-üň çykjakdygyna hem yşarat etdi we bu wersiýa üçin 100 000 Nvidia H100 çibiniň ulanylýandygyny belledi.

“Grok 3, hakykatdanam, üýtgeşik bir zat bolmaly” – diýip, ol ýazdy.

Grok 2023-nji ýylyň noýabr aýynda hödürlendi we ABŞ-da, Beýik Britaniýada we Ýewropa ýurtlarynda X sosial ulgamynyň Premium+ ulanyjylary üçin elýeterlidir. Mart aýynda xAI Grok-yň başlangyç koduny açdy. Grok 2-niň we Grok 3-üň giňeldilen funksional mümkinçiliklere we kämilleşdirilen algoritmlere eýe bolmagyna garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.