UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň bije çekişigi geçirildi. Ýaryş täze tertipde geçiriler

30.08.2024, 09:2913,467
1 / 5

Monakoda şu möwsüm 36 toparyň gatnaşmagynda täze ulgam boýunça geçiriljek UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekişigi geçirildi.

36 klubuň ählisi Şweýsariýa ulgamy boýunça bir toparda oýnar, olar dürli garşydaş bilen sekiz oýun, öýde dört we myhmançylykda dört oýun oýnarlar.
Häzirki çempion Madridiň “Realynyň” garşydaşlary Dortmundyň “Borussiýasy”, “Liwerpul”, “Milan”, “Atalanta”, “Zalsburg”, “Lill”, “Ştutgart” we “Brest” boldy. Umumy tapgyryň dowamynda “Mançester Siti” “Inter”, “PSŽ” we “Ýuwentus” bilen oýnar, “Barselona” bolsa garşydaşlar hökmünde “Borussiýany”, “Bawariýany” we “Atalantany” aldy.

Geljekki möwsümiň umumy tapgyrynyň TOP-oýunlary:

  • “Real” – “Borussiýa”
  • “Liwerpul” – “Real”
  • “Mançester Siti” – “Inter”
  • “PSŽ” – “Mançester Siti”
  • “Baýer” – “Inter”
  • “PSŽ” – “Arsenal”
  • “Bawariýa” – “PSŽ”
  • “Barselona” – “Bawariýa”
  • “Liwerpul” – “Baýer”
  • “Liwerpul” – “Milan

Umumy jedwelden ilkinji sekiz topar indiki tapgyra çykar. Dokuzynjydan 24-nji orna çenli orunlary eýelän toparlar pleý-offa çykmak üçin geçiş oýunlaryny geçirer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.