Nvidia bir günde $280 mlrd ýitirip, taryhynda iň uly pese gaçyşy başdan geçirdi

05.09.2024, 11:545,557
1 / 2

Nvidia kompaniýasy bir günde bazar bahasynyň 280 mlrd dollaryny ýitirdi – bu amerikan gazna bazarynyň taryhynda iň uly pese gaçyşdyr. 3-nji sentýabrda kompaniýanyň paýnamalary 9,5% ($278 mlrd) pese gaçyp, 108 dollara ýetdi we söwda ýapylandan soň 105 dollara çenli peselmegini dowam etdirdi.

Bu pese gaçyş monopoliýa garşy derňewleriň esasynda bolup geçdi. Nvidia we beýleki tehnologiýa kompaniýalary derňewiň çäklerinde ABŞ-nyň Adalat ministrliginden kazyýete çagyryş aldylar.
Bloomberg-iň maglumatlaryna görä, çagyryş häkimiýetleriň çip öndürijä garşy resmi şikaýat etmäge taýýardygyny görkezip biler.
ABŞ-nyň monopoliýa garşy edaralary Nvidia-nyň kärhanalaryň beýleki emeli aň we çip üpjün edijilerine geçmegini kynlaşdyrýandygyny, şeýle-de alternatiw çözgütleri ulanýanlara garşy sanksiýa girizýändigini belleýär.
Nvidia-nyň baş müdiri Jensen Huang kompaniýanyň önümlerini ulanmak üçin taýýar maglumat merkezlerinde ulanýan müşderileri ileri tutýandygyny aýtdy. Ol kompaniýanyň şeýle syýasatynyň ätiýaçlyklaryň üýşmeginiň öňüni almaga we tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny çaltlaşdyrmaga gönükdirilendigini nygtaýar.
Kompaniýanyň geljegi soragly bolsa-da, Huang öz paýnamalarynyň bir bölegini ýokary bahadan satyp bildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.