Tennisçi Ons Žaber BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasynyň hoş meýilli ilçisi bellendi

25.09.2024, 10:044,308

Tunisli tennisçi, dünýäniň 23-nji raketkasy Ons Žaber BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasynyň hoş meýilli ilçisi boldy. Bu barada Žaber öz sosial ulgamlarynda habar berdi diýip, “Çempionat” portaly ýazýar.

“Bütindünýä azyk maksatnamasynyň hoş meýilli ilçisi bolmak hem-de dünýämizi gowulaşdyrmak üçin işlemek meniň üçin uly hormat. Geliň, Afrikada, Ýakyn Gündogarda we bütin dünýäde açlygy ýok etmek üçin bilelikde göreşeliň" - diýip, tennisçi aýdýar.

Žaber egninden şikes alanlygy sebäpli häzirki tennis möwsümini tamamlamaly boldy. Bu şikes sebäpli ol Sinsinnati we US Open ýaly birnäçe ýaryşdan çekilmäge mejbur bolupdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.