"Daewoo E&C" Türkmenabatda dökün öndürýän zawod gurar

23.10.2024, 10:269,629

Günorta Koreýanyň «Daewoo Engineering & Construction» gurluşyk kompaniýasy Türkmenabatda mineral dökün öndürýän zawod gurar. Kompaniýa munuň üçin degişli tender-bäsleşiginde ýeňdi.

Kärhana ýylda 350 müň tonna fosfat dökünini we 100 müň tonna ammoniý sulfatyny öndürip biler diýip, «The Korea Herald» neşiri ýazýar.
Bu taslama «Daewoo Engineering & Construction» kompaniýasynyň Merkezi Aziýadaky ornuny berkitmek strategiýasynyň bir bölegi bolup durýar. Kompaniýa öz sebitdäki ornuny diňe nebit-himiýa pudagynda däl-de, eýsem infrastruktura taslamalary we täze şäherleri ösdürmek pudagynda hem giňeltmegi meýilleşdirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.