The Ring žurnaly Dýubuanyň Joşua salan nokautyny "Ýylyň nokauty" diýip atlandyrdy

14.01.2025, 11:305,097

The Ring žurnaly Daniel Dýubuanyň Entoni Joşua garşy söweşiň soňunda uran urgusyna «Ýylyň nokauty» adyny berdi.

Iki britan boksçysynyň arasyndaky söweş 2024-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda Londonyň “Uembli” stadionynda geçirildi. Söweşde IBF-niň agyr agram derejesinde dünýä çempiony titulyny almak ugrunda bäsleşildi.
Söweşden öň Joşua iň öňdelikçi pälwan hasaplanýardy, ýöne Dýubua söweşiň bäşinji tapgyrynda ony derbi-dagyn etmegi başardy.
Joşua üçin bu ýeňliş karýerasyndaky dördünji we soňky bäş ýyldaky ilkinji nokaut boldy. Ol soňky gezek 2019-njy ýylda meksikaly Endi Ruisdan tehniki nokaut bilen ýeňlipdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.