Serdar Berdimuhamedow eston halkyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

24.02.2025, 03:581,740

Prezident Serdar Berdimuhamedow Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti Alar Karise we ýurduň ähli halkyna Estoniýa Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Alar Karise tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Estoniýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.
Garaşsyzlyk güni her ýyl 24-nji fewralda bellenip geçilýär. Şol gün 1918-njy ýylda Tallinde Estoniýanyň Garaşsyzlygy hakynda Jarnama kabul edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.