Netflix “Kalmar oýnunyň” üçünji möwsüminiň soňky treýlerini görkezdi

15.06.2025, 22:324,679
1 / 2

Netflix “Kalmar oýny” serialynyň üçünji möwsüminiň soňky treýlerini hödürledi. Täze bölümleriň premýerasy 27-nji iýunda bolar.

Wideoda baş gahryman Gi-Hun öňki oýunlary ýadyna salyp, dostlarynyň ölüminde we öz ýalňyşlyklarynda özüni günäkär hasaplaýar.

“Sen bu oýunlarda erbetligiň öňüni alyp bilmersiň. Ýöne men seniň bizi halas etmek üçin şu ýerdedigiňe ynanýaryn” – diýmek bilen, Kym-ja oňa öz maksadyny ýatladýar.

Şeýle-de, treýlerde VIP-adamlar, liftde goragçylaryň howply tutluşygyndan sahna we ahyrky kadrlar görkezilýär: Gi-hun smokingde Frontmen bilen agşamlyk naharyna taýýarlanýar, näbelli gatnaşyjy bolsa soňky “Kalmar oýnundan” öň bagjygyny daňýar.
“Kalmar oýny” Netflix-iň taryhynda iň meşhur serial bolmagynda galýar. Ikinji möwsüm umumy tomaşa reýtinginde dördünji orny eýeleýär.
Serialyň prodýuseri birinji we ikinji möwsümleriň arasyndaky wakalar barada spin-off düşürmek mümkinçiligini gözden geçirýändigini aýtdy. Mundan başga-da, režissýor Dewid Finçer serialyň amerikan wersiýasynyň üstünde işleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.