Serdar Berdimuhamedow Uzynada ýatagyny elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça teklibi makullady

20.06.2025, 18:379,597

Türkmenistanda täze açylan Uzynada nebitgaz ýatagyny özleşdirmek, hususan-da, elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça zerur işler geçirilýär. 20-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklip hödürledi.

Bellenilişi ýaly, munuň özi täze nebitgaz ýatagynyň elektrik üpjünçiligi bilen bir hatarda, beýleki ýanaşyk ýataklary hem elektrik energiýasynyň goşmaça möçberleri bilen üpjün etmäge ýardam eder.
Serdar Berdimuhamedow täze açylan Uzynada nebitgaz ýatagyny elektrik energiýasy bilen üpjün etmek maksady bilen, taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.