Kümüş gymmatlaýar. Onuň bahasy 2011-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine ýetdi

13.07.2025, 14:359,635

Kümüşiň sentýabrdaky fýuçersleriniň bahasy Nýu-Ýorkuň Comex biržasynda bir unsiýasy üçin 39 dollardan geçdi. Mundan öň, bu gymmatly metal şu nyrhda 2011-nji ýylyň sentýabrynda bahalanýardy.

Aşgabat wagty bilen 01:16-a çenli ýagdaýa görä, kümüşiň birža bahasy bir unsiýasy üçin 39,14 dollara ýetdi (+4,92%).
Iýul aýynyň başyndan bäri bu gymmatly metal 8,2%, ýylyň başyndan bäri bolsa, takmynan, 30% gymmatlady. Bilermenler bahalaryň ýokarlanmagyny ýylyň başyndan bäri aşa gymmatlan altyndan ünsüň sowulmagy bilen baglanyşdyrýarlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.