Türkmenistanyň biržasynda geçen hepdedäki geleşikleriň jemi bahasy 10,4 mln dollardan gowrak boldy

16.09.2025, 06:241,761

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 409 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 32-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polietilen turbalary satyn aldylar. Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň, Serbiýanyň telekeçilerine aşgarlanmadyk mata, jins önümleri, buýan köki we buýan köküniň ekstrakty ýerlenildi.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 59 million 907 müň manatdan gowrak bolan tehniki uglerody (“Türkmenhimiýa” döwlet konserni), binýatlyk ýagy, nebit ýol bitumyny (“Türkmennebit” döwlet konserni), nah ýüplügi, buýan kökünden taýýarlanan çaý içgisini, ýod erginini satyn aldylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.