Balkanabat Eýranyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň sergisini geçirmäge taýýarlanýar

17.11.2025, 07:205,595

2025-nji ýylyň 20-22-nji noýabrynda Balkanabat şäheriniň köpugurly söwda merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň ýöriteleşdirilen sergisi geçiriler. Çäräniň guramaçysy bolup Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çykyş edýär.

Sergi EYR-nyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçiliklerini görkezmek we iki goňşy döwletiň arasynda syýasy-ykdysady gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak maksady bilen geçirilýär.
Sergä Gülüstan welaýatynyň öňdebaryjy önümçilik işewürleri gatnaşýar. Türkmen işewürleri, maýadarlary, gyzyklanma bildirýän ähli adamlar sergide hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny açmak üçin mümkinçilik alar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.