Türkmenistanda “Uzynada” känindäki täze guýudan gazkondensat akymy alyndy

29.11.2025, 04:514,325

Türkmenistanda “Uzynada” käninde täze burawlanan ulanyş guýularynda geçirilen işleriň netijesinde gazkondensat akymy alyndy. Bu barada anna güni Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow habar berdi. 

Bellenilişi ýaly, ol guýy umumy nebit geçiriji ulgama birikdirilip, uglewodorod çig malynyň goşmaça möçberi kabul edilip başlandy. Munuň özi bu käniň geljeginiň uludygyny we nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmakda örän ähmiýetlidigini aýdyň görkezýär.
Wise-premýer şeýle hem “Türkmennebit” DK tarapyndan nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýere uglewodorod serişdelerine baý bolan nebitgaz känlerini netijeli özleşdirmek, nebitiň çykarylyşyny artdyrmak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.