58 ýaşly ýapon futbolçysy karýerasyny «Fukusima Ýunaýtedde» dowam etdirer

24.12.2025, 08:218,206

58 ýaşly ýapon hüjümçisi Kadzuýosi Miura Ýaponiýanyň çempionatynyň üçünji diwizionynyň «Fukusima Ýunaýted» kluby bilen şertnama baglaşdy diýip, Japan Today habar berýär.

Täze möwsüm rekord eýesi bolan futbolçy üçin 1982-nji ýylda başlanan professional karýerasynda 41-nji bolar. Miura dünýäde iň uly ýaşly oýnaýan futbolçy hasaplanýar. «Fukusima Ýunaýted» onuň sanawynda eýýäm 19-njy klub bolar.
Häzire çenli Miura dürli ýurtlarda, şol sanda Braziliýanyň «Santos» we Italiýanyň «Jenoa» klublary ýaly abraýly toparlarda oýnady. Ol Italiýanyň Seriýa A ligasynda oýnan ilkinji ýapon oýunçysy boldy. Şeýle-de, ol Horwatiýanyň, Awstraliýanyň we Portugaliýanyň klublarynda çykyş etdi.
Ýaponiýanyň milli ýygyndysynda Miura 89 oýna gatnaşyp, 55 gol geçirdi we milli toparyň taryhynda iň gowy netije görkezen oýunçylaryň biri boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.