Nissan 2027-nji model ýylynyň täzelenen Z sportkaryny görkezdi

14.01.2026, 06:252,716
1 / 3

Nissan kompaniýasy Tokiodaky awtosalonda Ýaponiýada Fairlady Z ady bilen belli bolan Nissan Z sportkarynyň täzelenen wersiýasyny hödürledi. Model bazarda üç ýyl bäri bar we öndüriji uly bolmadyk restaýling geçirip, awtomobiliň daşky keşbini we tehniki aýratynlyklaryny üýtgetdi.

Daşky görnüşindäki esasy üýtgeşmeler öň bölegine degişli boldy. Awtomobiliň bu bölegi täzelendi, ozal modeliň muşdaklarynyň arasynda nägilelige getiren uly radiator gözenegi bolsa aýryldy. Şeýle-de, hatarda kuzowyň täze ýaşyl reňki we on keýeli 19 dýuýmlyk tigir diskleri peýda boldy.
Salonda üýtgeşme o diýen kän däl. Alyjylara ýiti-mele reňkli interýer bezegi elýeterlidir. Nismo wersiýasynda indi mehaniki hereket gutusy hödürlenýär.
Üýtgeşme tehniki bölege-de täsir etdi. Nissan Z gaýtadan sazlanan amortizatorlara, şeýle-de uly tormoz mehanizmlerine eýe boldy, bu hem dolandyryşy we tormozyň işini kämilleşdirdi.
Täzelenen Nissan Z-niň satuwy Ýaponiýada şu ýylyň tomsunda başlap biler. Model 2027-nji ýylyň wersiýasy hökmünde hödürlener. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.