Lebap welaýat häkimliginiň jemagat hojalygy birleşigine 148 sany tehnika gelip gowuşdy

15.01.2026, 19:0917,590
1 / 5

Lebap welaýat häkimliginiň jemagat hojalygy birleşigine kuwwatly, ähli amatlyklary bolan awtoulaglaryň, tehnikalaryň we enjamlaryň uly toplumynyň tehnikalaryň 148 sanysy gelip gowuşdy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Tehnikalaryň hatarynda 79-sy awtoulaglar, 7 sanysy ýöriteleşdirilen tehnikalar we 62 sanysy hem dürli maksatlara niýetlenen enjamlardyr. Birleşigiň işgärleriniň işleriniň netijeliligini has-da artdyrjak, şäheriň görküne görk goşjak ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň 15-si zeý suwuny sorujy, 2 sanysy ýokary basyşly lagym ulgamlaryny arassalaýjy, 2-si süpüriji-ýuwujy, zir-zibilleri ýygnamaklyga niýetlenenleriniň 30 sanysy, gidrogaldyryjylaryň 3-si, 24 adamlyk awtobuslaryň 10 sanysy, 1 sany ýük göterijiligi 25 tonna deň bolan awtokran we beýleki görnüşlerdir. Welaýat jemagat hojalygyna gelip gowşan ýöriteleşdirilen tehnikalaryň 3-si ýükleýji ekskowator, 3-si öňtaraplaýyn uly ýükleýji, 1-i hem tekerli ekskowatordyr. Gelip gowşan kämil tehnikalaryň arasynda bag göçürmeklige niýetlenen we aýratyn dakylýan enjamlaryň toplumynyň bolmagy-da bellärliklidir. Täze tehnikalar welaýatyň ýaşaýjylary tarapyndan gadymyýetden gelýän milli däplerimize görä un sepilip, alaja dakylyp garşy alyndy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.