2026-njy ýylda kabul ediljek aspirantlaryň, dalaşgärleriň hem-de ordinatorlaryň sany tassyklanyldy

17.01.2026, 03:053,785

Türkmenistanda 2026-njy ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, şeýle hem kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklanyldy. Degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Bellenilişi ýaly, bu resminama Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri ylmy taýdan esaslandyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetine we ähli ulgamlaryna ylmyň gazananlaryny giňden ornaşdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri, ylmy işgärleri taýýarlamak maksady bilen kabul edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.