«Türkmenistan» awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli nyrhlary girizdi

23.01.2026, 13:329,062

«Türkmenistan» awiakompaniýasy çagalar üçin awiabiletleriň bahalaryna ýeňillikleriň girizilýändigini mälim etdi. Bu täze teklip maşgalasy bilen syýahat edýän ýolagçylar üçin niýetlenendir.

Ýeňillik 2 ýaşdan 12 ýaşa çenli bolan çagalar üçin birnäçe halkara ugurlary boýunça amala aşyrylýan gatnawlarda hereket edýär.

Haýsy ugurlara degişli?
Ýeňillikli nyrhlar Aşgabatdan şu aşakdaky şäherlere uçýan gatnawlarda hereket edýär:

  • Kuala-Lumpur, Hoşimin, Seul, London, Bangkok, Frankfurt we Milan.

Hereket ediş möhletleri:
Bu ýeňillikli teklip diňe bellenilen möhletlerde amala aşyrylýan gatnawlar üçin degişlidir:

  • Birinji möhlet: 1-nji maýdan 30-njy iýuna çenli;
  • Ikinji möhlet: 1-nji sentýabrdan 30-njy oktýabra çenli.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.