2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

05.03.2026, 02:025,258
1 / 6

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär.
Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi.
Aý tutulma wagtynda dolan Aý Ýolbars ýyldyzlar toplumynda ýerleşip, Ýeriň kölegesiniň günorta böleginden geçdi. Iň ýokary faza Aşgabat wagty bilen sagat 16:35-de boldy.
Ýarym kölegeli tutulma Aşgabat wagty bilen sagat 13:45-de başlandy. Bu tapgyry ýönekeý göz bilen görmek kyn boldy. Soňra Aý bütinleý Ýeriň kölegesine girdi. Tutulmanyň doly fazasy sagat 16:05-de başlanyp, 16:35-de iň ýokary derejesine ýetdi.
Aý Ýeriň kölegesinde 59 minutlap boldy we hut şu wagt aralygynda ol gyzyl reňke girdi. Bu hadysanyň umumy dowamlylygy 13:45-den 19:24-e çenli, ýagny 5 sagat 39 minut boldy.
«Ganly Aýy» Ýuwaş, Atlantik we Hindi ummanlarynyň, Aziýanyň, Awstraliýanyň, Demirgazyk we Günorta Amerikanyň, şeýle hem Arktikanyň we Antarktikanyň asmanynda synlamak başartdy.

Seul, Günorta Koreýa

Kaliforniýa ştaty, ABŞ

Toronto, Kanada

Mehiko, Meksika

Oklend, Täze Zelandiýa

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.